Türkmenistan we Hytaý telekeçiligi goldamak meselelerini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Hytaý telekeçiligi goldamak meselelerini maslahatlaşdylar
Mergen Gurdow bilen Žen Hunbiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 16-njy apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň halkara söwdasyny öňe ilerletmek boýunça komitetiniň başlygy Žen Hunbiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar telekeçiligi goldamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

TSSE-niň resmi metbugat gullugynyň anna güni habar bermegine görä, duşuşyk “Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: gaz ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy” atly ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirildi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem halkara sergilere işjeň gatnaşmagyň, täze hyzmatdaşlary çekmegiň we işewür gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, duşuşykda özara söwda dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

2022