Türkmenistanda hususy lukmançylyk tejribesi, farmasewtik işi bilen meşgullanylmagyň jogapkärçiligi ýokarlandyryldy

BT
Türkmenistanda hususy lukmançylyk tejribesi, farmasewtik işi bilen meşgullanylmagyň jogapkärçiligi ýokarlandyryldy
Kosmetologiýa proseduralaryndan bir pursat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde gol çeken Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, kodeksiň 861-nji maddasy “Hususy lukmançylyk tejribesi ýa-da hususy farmasewtik işi bilen bikanun meşgullanylmagy” görnüşde beýan edildi we bu maddanyň düzümine üýtgeşmeler girizildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

861-njy madda:

  1. Ygtyýarnamanyň bolmazlygy ýa-da ygtyýarnamanyň şertleriniň bilkastlaýyn bozulmagy bilen hususy lukmançylyk tejribesi ýa-da hususy farmasewtik işi bilen meşgullanylmagy, eger bu adamyň saglygyna zyýan ýetirilmegine getirmedik bolsa, — derman serişdelerini we saglygy goraýyş maksatly önümleri muzdsuz alyp, binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.
  2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan ýa-da adamlaryň topary tarapyndan edilmegi — derman serişdelerini we saglygy goraýyş maksatly önümleri muzdsuz alyp, binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýedi gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine getirýär.
  3. Şeýle hem şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň netijesinde adamyň saglygyna seresapsyzlykdan ýe­ňil zyýan ýetirilen ýagdaýynda,  derman serişdeleri we saglygy goraýyş maksatly önümler muzdsuz alynýar we binýatlyk mukdaryň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilýär.
  4. Mundan başga-da, şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň netijesinde adamyň saglygyna seresapsyzlykdan ortaça agyrlykda zyýanyň ýetirilmegi — derman serişdelerini we saglygy goraýyş maksatly önümleri muzdsuz alyp, binýatlyk mukdaryň otuzysyndan kyrkysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 861-nji maddasyna girizilen üýtgetmeler 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär.

2022
ENG TM РУС