Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda durnukly we netijeli ulag arabaglanyşygyny ösdürmekde ýurduň ornuny ara alyp maslahatlaşmak boýunça “Kontinentleri birleşdirmek: Türkmenistanyň üstaşyr we logistika mümkinçiliklerini ösdürmek” atly mowzuklaýyn çäre geçirildi.
Çärä Brýusselde akkreditirlenen daşary ýurtlaryň ilçileri, Ýewropa institutlarynyň, seljeriş merkezleriniň, işewür toparlarynyň, kompaniýalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri çykyş etdiler we gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünliklerni ýagny, serhet amallaryny kämilleşdirmek, sanlylaşdyrmak, töwekgelçilikleri dolandyrmak mehanizmlerini ornaşdyrmak hem-de gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň geçirijilik ukybyny giňeltmek barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Palwanow hem öz çykyşynda ulag we logistika pudagyny halkara ykdysadyýetiniň durnuklylygynyň esasy görkezijileri hökmünde belläp, ýurduň Ýewraziýa üstaşyr merkezleriniň biri hökmünde ornuny berkitmek ugrunda alnyp barylýan infrastruktura işlerine ünsi çekdi.
Çärä şeýle hem Halkara hyzmatdaşlyk boýunça baş müdirliginiň (DG INTPA) wekili Şarlotta Adrian we Daşary işler boýunça komitetiň (AFET) agzasy bolan Ýewropa parlamentiniň deputaty Kristian Terheş gatnaşdy. Ýewropa tarapy Merkezi Aziýa bilen ulag arabaglanyşygyna, Transhazar geçelgesiniň ösüşine, logistika we gümrük dolandyryşy ulgamyndaky hyzmatdaşlyga gyzyklanmanyň artýandygyny belledi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre diplomatik wekilhanalaryň, Ýewropa gurluşlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň, işewürligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň arasynda anyk we netijeli gepleşikler üçin peýdaly meýdança öwrüldi.

















