Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni iki günlük iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, saparyň maksady dostlukly ýurduň paýtagtynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmakdan ybaratdyr.
Ýokary derejeli saparlar mynasybetli Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde sammitlere gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Gazagystanyň resmi wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Öňde boljak sammitleriň dowamynda Merkezi Aziýada durnukly ösüşi gazanmak maksady bilen, sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm meseleleri, şeýle-de sebitde ekologiýa, howa, suw bilen bagly soraglary çözmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň Prezidenti hem sammitlerde çykyş edip, bu meseleler babatda Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan eder we dostlukly döwletleriň Baştutanlary bilen bilelikde ýöriteleşdirilen ekologiýa sergisine baryp görer.
Sebitleýin ekologiýa sammiti (RES 2026) Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlangyjy bilen ilkinji gezek geçirilýär. Ol BMG bilen hyzmatdaşlykda sebitde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça umumy çözgütleri işläp taýýarlamak üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderlerini bir meýdançada jemlemäge gönükdirilendir.

















