“Aýdyň gijeler” türkmen kompaniýasy Azerbaýjanyň energetika pudagy üçin ýerli önümçilikde öndürilen planşetleri we kompýuter enjamlaryny üpjün etmek mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň üpjünçilik we satyn alyş bölüminiň başlygy Ruslan Taşow “Trend” agentligine beren interwýusynda mälim etdi.
Ruslan Taşowyň aýtmagyna görä, kärhana eýýäm sanlylaşdyrma we elektron tehnikany üpjün etmek ugurlarynda azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen işleşmek tejribesine eýedir.
Mundan başga-da, kompaniýa hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol sanda respublikanyň nebit-gaz pudagynyň wekilleri bilen hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.
“Aýdyň Gijeler” kompaniýasy 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň goldawy bilen döredildi. Häzirki wagtda kompaniýanyň önümçilik kuwwatlyklary 5 gektardan gowrak meýdany eýeleýär we 10-dan gowrak önümhanalary öz içine alýar. Öndürilýän önümleriň sanawy 30-dan gowrak görnüşi ýagny, LED çyralary, kabel önümlerini, kompýuter tehnikasyny we telekommunikasiýa enjamlary öz içine alýar.

















