Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Astanada geçirilýän Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde türkmen tarapynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde AHHG-nyň we Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlygy mowzugy boýunça Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip etýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu teklip Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarydyr agentlikleri bilen özara gatnaşyklaryny hil taýdan ýokary derejä çykarmak maksady bilen hödürlenildi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany täze Kararnamada dünýäde dowam edýän geosyýasy hem-de ykdysady üýtgeşmeleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu gezekki sammitiň dünýädäki geosyýasy ýagdaýlaryň ýeňil bolmadyk şertlerinde geçýändigini aýdyp, şunda esasy maksadyň Merkezi Aziýa ýurtlary we olaryň halklary üçin örän möhüm bolan meseleleriň ikinji derejä geçirilmezligini gazanmakdan ybaratdygyny belledi.
“Araly halas etmek, onuň geljegi, deňziň ýakasynda ýaşaýan adamlaryň ykbaly ýurtlarymyzyň syýasy we ahlak jogapkärçiligi bolup durýar. Şol bir wagtda ol ykdysady, maliýe, guramaçylyk serişdelerini, wajyp ekologiýa, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmek üçin döwletlerdir halkara hyzmatdaşlaryň diplomatik tagallalaryny herekete getirmek hem-de ulanmak bilen bagly umumy borçdur” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz çykyşynda aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebitleýin ekologiýa meselesi babatda halkara tagallalaryň logiki dowamy hökmünde BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigini aýdyp, ýakyn wagtda onuň Aşgabatda hereket edip başlajakdygyny, ýurdumyzyň Hökümetiniň bu düzümiň işine ýakyndan ýardam berjekdigini belledi.

















