Türkmenistanda bellenilmedik ýerlerde söwdanyň we hyzmatlaryň edilmegi boýunça jerime ýokarlandyryldy

BT
Türkmenistanda bellenilmedik ýerlerde söwdanyň we hyzmatlaryň edilmegi boýunça jerime ýokarlandyryldy
Guradylan otlar

Türkmenistanda bellenilmedik ýerlerde elden alma söwdasynyň edilmegi ýa-da hyzmatlaryň hödürlenilmegi boýunça jerime ýokarlandyryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” kanuna 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde gol çekdi we bu üýtgetmeler şu ýylyň 1-nji maýyndan güýje girer.

322-nji madda girizilen üýtgetmelere laýyklykda, indi köçelerde, meýdanlarda, howlularda, jaýlarynyň girelgelerinde we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilmedik beýleki ýerlerde elden alma söwdasyny ýa-da hyzmatlary hödürlän taraplara duýduryş berilýär ýa-da administratiw hukuk bozulmanyň gös-göni obýekti bolan närseler (harytlar) muzdsuz alynýar ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynýar.

Ozal bellenilmedik ýerlerde elden alma söwdasy edilen ýa-da hyzmatlaryň hödürlenilen ýagdaýynda binýatlyk mukdaryň 0,3 böleginden 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynýardy.

Türkmenistanda jerime töleginiň binýatlyk mukdary 100 manatdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС