Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Astanada geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitine (RES 2026) gatnaşýar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň gatnaşmagynda guralýan dialog meýdançasy Merkezi Aziýada ekosistemalary, suw we ýer baýlyklaryny goramak, dikeltmek hem-de bilelikde peýdalanmak, şeýle hem biologiki dürlüligi saklamak boýunça toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Plenar mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň, Gruziýanyň Prezidenti Mihalil Kawelaşwiliniň, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowyň, şeýle hem BMG-niň ýokary derejeli wekilleriniň çykyş etmeklerine garaşylýar.
Öňde boljak sammitleriň dowamynda Merkezi Aziýada durnukly ösüşi gazanmak maksady bilen, sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm meseleleri, şeýle-de sebitde ekologiýa, howa, suw bilen bagly soraglary çözmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar.

















