Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 21 – 23-nji oktýabry aralygynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar hasaba alnyp başlandy. Bu barada forumy gurnaýjylar penşenbe güni habar berdi.
“Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.” atly şygar astynda geçiriljek bu maslahat dünýä energetika pudagynyň öňdebaryjy wekillerini, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny, maýadarlary, maliýe institutlaryny we tehnologiýa üpjün edijilerini bir ýere jemläp, halkara energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdiriler.
Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň maksatnamasynda “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegi, TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki taslamalar, şeýle hem önümçilik we ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem energiýa serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, ýokary goşmaça gymmatly önümleri öndürmek, eksport ugurlarynyň diwersifikasiýasy ýaly ugurlara aýratyn üns berler.
Maslahat häzirki zaman tehnologiýalarynyň, sanly özgertmeleriň, emeli aňyň ulanylmagynyň we ekologiýa taýdan arassa çözgütleriň ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini hem öz içine alar.
Maslahatyň çäklerinde ýokary derejeli plenar mejlis, ministrler derejesindäki “tegelek stol” duşuşyklary, çekişmeler, maýa goýum sessiýalary hem-de 100-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagynda halkara sergi geçiriler. Şeýle hem B2B we B2G duşuşyklaryna aýratyn ähmiýet berler.
Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm açyldy. Goşmaça maglumat almak we hasaba ýazylmak üçin taraplar resmi forumyň web sahypasyna ýüz tutup bilerler.

















