Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Bedew baýramy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen çärelere gatnaşdy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.
Aşgabat atçylyk sport toplumynda türkmen halkynyň atşynaslyk sungatynda yz galdyran, halkara gözellik bäsleşikleriň birnäçesiniň ýeňijisi bolan meşhur ahalteke bedewi — Pyýadanyň heýkeliniň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany baýramçylyk mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de ýurduň welaýatlarynyň sergi diwarlyklaryny synlady. Olarda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, gazçylaryň, zergärleriň ahalteke bedewleriniň keşbini çeper beýan edýän işleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, at esbaplary, fotosuratlary ýerleşdirildi.
Dabaralaryň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de ýurduň welaýatlarynyň žähmetkeşleriniň adyndan, şeýle-de Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ýurduň atşynaslarynyň adyndan bedew atlary gowşuryldy.
Soňra bu ýerde bedewleriň arasynda her ýyl geçirilýän ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýen şöhratly ada dalaşgär atlaryň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Dabaralaryň ahyrynda ýylyň iň owadan ahalteke bedewi atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine hem-de döredijilik işgärleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar we pul baýragy gowşuryldy.

















