“Maksada okgunly” hindi towugynyň etinden paştetiň önümçiligini ýola goýdy

BT
“Maksada okgunly” hindi towugynyň etinden paştetiň önümçiligini ýola goýdy
“Maksada okgunly” hususy kärhanasynyň Eýranda geçirilen Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisindäki diwarlygy, 2025-nji ýylyň 5-nji maýy

“Maksada okgunly” hususy kärhanasy golaýda hindi towugynyň etinden paştet taýýarlap başlady we bu önüm sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýar. Bu barada TSTB anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň hindi towugynyň etinden taýýarlaýan konserw gaplamasy üç görnüşde bolup, olar hindi towugynyň ak etli budundan, gyzyl etli döşünden hem-de bokurdagyndan taýýarlanýan süňkli gaplamalardan ybaratdyr. Bu önümler 480 gramlyk gaplara gaplanylýar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhananyň düzüminde ýörite hindi guşçulyk toplumy bolup, ol 23 gektar meýdany eýeleýär. Bu ýerde etlik hindi towuklary idedilip ýetişdirilmek bilen, onuň etinden şöhlat önümleri, doňdurylan somsa, börek, kotlet, manty ýaly ýarym taýýar önümler, şonuň ýaly-da, del harytlar taýýarlanylýar.

Häzirki wagtda bu ýerde hindi guşlarynyň 12 müň 500-den gowragy idedilýär we onuň ýokumly hem-de tagamly etini ýurduň söwda nokatlaryna çykarmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

“Maksada okgunly” hususy kärhanasy 1998-nji ýylda edaslandyrylyp, ol ilkinji bolup hindi towugynyň etini senagat taýdan gaýtadan işläp başlady.

2022
ENG TM РУС