Hytaýyň “China Petroleum Engineering & Construction Corporation” (CPECC) kompaniýasynyň Türkmenistan bilen “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyrynyň çäginde tebigy gazy gaýtadan işleýän toplumyň gurluşygy üçin 4,6 milliard ABŞ dollarlyk şertnama baglaşandan soň kompaniýanyň aksiýalary 6 göterim ýokarlandy. Bu barada “Yicai” neşiri duşenbe güni habar berdi.
Söwdalaryň netijesinde kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy bir aksiýa üçin 4,06 ýuana ýetdi, şol bir wagtyň özünde ol Şanhaýdaky iri aksiýa bazarynda 0,2 göterim artdy.
Türkmen känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň taslamasynyň baş potratçysy hökmünde “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy çykyş edýär.
Şertlere laýyklykda, başlangyç taslama işleriniň üç aýyň dowamynda tamamlanmagy meýilleşdirilýär. Ähli işleriň, şol sanda taslamany düzmek, satyn alyş, gurluşyk we işe girizmek ýaly ähli ýerine ýetirmeli wezipeleriň 48 aýyň dowamynda tamamlanmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem potratçy taslamanyň döwlet tarapyndan kabul edilenden soň bir ýylyň dowamynda hil gözegçiligini üpjün eder.
Mary welaýatyndaky “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegi tapgyrlaýyn amala aşyrylyp, onuň dördünji tapgyrynyň çäklerinde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygy hem-de gaz geçirijileriň, suw we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, ýaşaýyş jaýlaryň we ulag infrastrukturasynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

















