Türkmenistanda dokmaçylyk we logistika ugurlarynda iş alyp barýan “Gerçek ýigit” hususy härhanasy we Hytaýyň oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän “FMWorld” kompaniýasy Türkmenistanda bu kompaniýanyň oba hojalyk tehnikalaryny toplamak boýunça taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýärler. Bu barada “Gerçek ýigit” hususy härhanasynyň wekili sişenbe güni öz işine başlan türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň çäginde “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.
“Türkmenistanda “FMWorld” kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalaryny toplamak boýunça taslamany durmuşa geçirenimizden soň ýurduň ähli welaýatlarynda bu tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satýan dükanlary we hyzmat ediş merkezlerini açmagy göz öňünde tutýarys” diýip, “Gerçek ýigit” hususy härhanasynyň wekili aýtdy.
Häzirki wagtda “Gerçek ýigit” hususy kärhanasy Hytaýyň “FMWorld” kompaniýasynyň Türkmenistandaky distribýutary bolup çykyş edýär we kompaniýanyň traktorlaryny türkmen bazaryna getirýär.
“FMWorld” — Hytaýyň oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän öňdebaryjy kärhanasy bolup, taslama taýýarlamak we önüm öndürmek boýunça 25 ýyllyk, eksport etmek we daşary ýurt müşderilerine hyzmat etmek boýunça bolsa 15 ýyllyk tejribä eýedir.

















