Hytaý kompaniýasy Türkmenistanda “ýaşyl” energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini öwrenýär

BT
Hytaý kompaniýasy Türkmenistanda “ýaşyl” energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini öwrenýär
Gün panelleri we ýel turbinalary (Surat: REGNUM)

Hytaýyň “Shaanxi Yulin Energy Group” kompaniýasy gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň başlygy Gao Siszýunyň çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-hytaý işewürlik forumynda aýdanlaryna salgylanyp, “Trend” agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu teklip iki ýurduň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmek baradaky pikir alyşmalaryň çäginde, energetika pudagynda döwrebap tehnologik çözgütleri ornaşdyrmaga ünsi çekmek bilen öňe sürüldi.

Gao Siszýunyň aýtmagyna görä, bu başlangyç gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň infrastrukturasyny ösdürmegi göz öňünde tutýar. Bu bolsa Türkmenistanyň energetika deňagramlygyny diwersifikasiýa etmäge we uzak möhletli tehnologik hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem “Shaanxi Yulin Energy Group” kompaniýasy Türkmenistanda magniý erginleriniň önümçiligini ýola goýmagy teklip etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022