“Türkmengaz” hytaý kompaniýalaryny halkara bäsleşiklere has işjeň gatnaşmaga çagyrdy

BT
“Türkmengaz” hytaý kompaniýalaryny halkara bäsleşiklere has işjeň gatnaşmaga çagyrdy
Myrat Arçaýew türkmen-hytaý işewürlik forumynda çykyş edýär, 2026-njy ýylyň 29-njy apreli, Aşgabat, Türkmenistan

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-hytaý işewürlik forumynda hytaý kompaniýalaryny halkara bäsleşiklere has işjeň gatnaşmaga çagyrdy we türkmen tarapynyň uzak möhletli şertnamalara açykdygyny nygtady. Bu baradaTürkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň ýangyç-energetika toplumynda netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly hökmünde TOPH-niň transmillli gaz geçirijisi çykyş edýär.

“Mysal hökmünde TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu ýerde 200-den gowrak ýöriteleşdirilen gurluşyk tehnikasy ulanylýar, olaryň aglaba bölegi bolsa belli hytaý öndürijilerinden satyn alynýar”, diýip, Myrat Arçaýew belledi we “Türkmengaz” döwlet konserniniň hytaý kompaniýalaryndan satyn alynýan önümleriň sanawyny giňeltmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Şeýle hem Myrat Arçaýew öz çykyşynda pudagyň sanly özgerişine aýratyn üns berdi we Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Hususan-da, guýularyň onlaýn görnüşde uzak aralykdan gözegçilik ulgamlaryny, önümçiligi dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny, känleri dolandyrmak üçin utgaşykly platformalary döretmek meselelerine üns çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022