Türkmenistan we ABŞ ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar

BT
Türkmenistan we ABŞ ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar
Esen Aýdogdyýew bilen Pol Kapur arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 1-nji maýy, ABŞ (Surat: Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşlerde gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini kanagatlanma bilen bellenilip, yzygiderli dialogy dowam etdirmek we hyzmatdaşlygy möhüm ugurlaryny giňeltmegiň zerurlygy nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de sebitara baglanyşygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara gyzyklanmasyny tassykladylar.

2022
ENG TM РУС