Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmegiň geljegini, şeýle hem häzirki zaman şertlerini nazara almak bilen işewürlik gatnaşyklaryny diwersifikasiýa etmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy habar berdi.
Şeýle hem taraplar özara söwda dolanyşygynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Bu ugurda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de türkmen-türk işewürler geňeşiniň işiniň, şeýle hem pudaklaýyn sergileriň we bilelikdäki işewürlik forumlarynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 10-12-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi.

















