Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow haj parzyny berjaý etmek üçin 289 sany zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, zyýaratçylar haj parzyny berjaý etmek üçin 2026-njy ýylyň 21-nji maýy — 11-nji iýuny aralygynda Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin ýörite uçar gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.
Haj parzy Gurban baýramyna gabatlanyp berjaý edilýär. Türkmenistan her ýyl raýatlarynyň haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin mukaddes Mekke we Medine şäherlerine saparlary guraýar.

















