Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow 2026-njy ýylyň 5-nji maýynda “Kabul Grand” myhmanhanasynda şu ýylyň 17-22-nji maýy aralygynda Baku şäherinde geçiriljek Bütindünýä şäherler forumy mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.
Çäre BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) Owganystandaky wekilhanasy we Azerbaýjanyň Kabuldaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy we oňa Kabul şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow çykyş edip, Türkmenistan bilen BMG-Habitatyň arasyndaky işjeň gatnaşyklar, Türkmenistanyň şäher gurşawyny gowulandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary, şäher infrastrukturasyny, ekologiýa taýdan arassa we durnukly jemgyýetleri ösdürmek barada geçirýän çäreleri barada maglumatlary beýan etdi.
Şeýle-de, durmuş ulgamynda sanly we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäheri barada çärä gatnaşyjylara maglumatlar berildi.
Çäräniň dowamynda gurnalan sergide Arkadag şäheriniň fotosuratlary ýerleşdirildi. Dabara gatnaşyjylara Arkadag şäheri barada wideoýazgy görkezildi.

















