Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Ýeňiş güni mynasybetli Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow gutladylar.
Şeýle hem GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagintaýew, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlaryny ugratdylar.
Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

















