Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde geçiriljek “Trans EXPO 2026” ulag we logistika boýunça 25-nji halkara ýöriteleşdirilen sergä gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Sergi “ARMENIA EXPO” halkara söwda-senagat forumynyň çäklerinde geçirilip, bu çäre ulag, logistika we awtoulag pudaklarynyň wekillerini bir ýere jemlär.
“Trans EXPO 2026” ýöriteleşdirilen serginiň çäklerinde awtoulaglar we logistika üçin häzirki zaman çözgütler, awtoulaglaryň, motorlaryň täze nusgalary, tehniki abatlaýyş hyzmatlary, şeýle hem ýük daşamalar, hyzmatlar ulgamyndaky innowasiýalar tanyşdyrylar.
Çäräni gurnaýjylaryň habar bermegine görä, sergi awtoulag we motor merkezlerini, awtoulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we bölekleri, awtoulaglaryň himiýa serişdelerini, ýük we ýolagçy gatnatmak hyzmatlaryny, ulag hem-de logistika kompaniýalaryny, şeýle-de telekommunikasiýa çözgütlerini öz içine alar.
Çäräniň maksatnamasynda laýyklykda hyzmatdaşlyk boýunça duşuşyklary geçirmek, ulag we logistika pudagynyň wekilleri bilen tejribe alyşmak hem-de telekeçiligi ösdürmek üçin täze çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

















