Türkmenistan Londondaky “B2B Exchange” platformasy arkaly britan bazarlaryna çykmagy meýilleşdirýär

BT
Türkmenistan Londondaky “B2B Exchange” platformasy arkaly britan bazarlaryna çykmagy meýilleşdirýär
Türkmen telekeçileriniň Beýik Britaniýanyň London şäherine sapary, 2026-njy ýylyň 11-nji maýy

Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýän Günbatar London Söwda-senagat edarasynyň baş edara binasynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň hususy böleginiň wekillerini birleşdirýän işewürlik saparyna badalga berildi. Şu ýylyň 11–15-nji maý aralygynda geçirilýän bu çäre söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, göni B2B gatnaşyklary ýola goýmaga we türkmen işewürleriniň britan hem-de Ýewropa bazarlaryndaky eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Bu barada çäräni gurnaýjylar duşenbe güni habar berdi.

Bu başlangyç Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Günbatar London Söwda-senagat edarasynyň we “TurkmenExpo” hususy kärhanasynynyň gatnaşmagynda hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermegi bilen guraldy.

Türkmen wekiliýetiniň düzümi 20 sany milli kompaniýanyň wekillerinden ybaratdyr. Britan tarapyndan bolsa bu çärä 40-dan gowrak gurama we kärhana gatnaşýar. Olaryň hatarynda “Range Rover”, “Primark, Shell”, “Score”, “APM Fresh”, “Fieldfisher”, “Make UK”, “Berkeley Group” ýaly dünýä belli kompaniýalar we brendler, şeýle hem “Cambridge University”, “Brunel University London”, “University of West London”, “Sanderson Design Group” we “Smart Currency Exchange” bar.

Günbatar London Söwda-senagat edarasynyň baş direktory Alan Raýds dabarany resmi taýdan açdy we Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryny berkitmegiň ähmiýetini nygtap, britan işewürleriniň Merkezi Aziýa bazaryna bildirýän gyzyklanmasynyň ýokarydygyny belledi. Hepdäniň dowamynda britan kompaniýalary iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Türkmenistana sapar guramak mümkinçiligine serederler diýlip, habarda bellenilýär.

Şeýle hem, çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow çykyş edip, ýurduň hususy pudagyny ösdürmekde we türkmen önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Açylyş dabaradan soň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gysgaça tanyşdyryş çykyşlary geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, agro-azyk senagatyna, dokma pudagyna, bilime, syýahatçylyga we gurluşyk ulgamyna aýratyn üns berildi.

Günüň ikinji ýarymynda işewürlik saparyna gatnaşyjylar üçin göçme tanyşdyryş saparlary guraldy. Hepdäniň dowamynda olara täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen B2B duşuşyklary, pudaklaýyn gepleşikleri hem-de işewürlik saparlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022