Seulda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji saparyna taýýarlyk görülýär

BT
Seulda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji saparyna taýýarlyk görülýär
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň döwlet baýdaklary

Koreýa Respublikasy 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda meýilleşdirilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji saparyna düýpli taýýarlyk görmegi maksat edinýär. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Won-Je sişenbe güni çap edilen “nCa” neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna ilkinji gezek sapar bilen barjakdygyny belledi. Bu saparyň iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga täze itergi bermegine garaşylýar.

Li Won-Je taraplaryň diňe bir energetika zawodlarynyň gurluşygy, gämi gurluşygy ýaly ugurlardaky bar bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem demir ýol ulagy, telekommunikasiýa we suw serişdeleri ýaly täze ugurlarda hem hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

Şeýle hem diplomat saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Merkezi Aziýa — Koreýa” görnüşindäki ilkinji sammite gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny nygtady. Ilçiniň aýtmagyna görä, bu sammit Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji gezek geçiriljek ýokary derejeli meýdança öwrüler we sebit döwletleri bilen hyzmatdaşlygy institusional esasda ösdürmäge gönükdiriler. Sammitiň çäklerinde taraplar howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika, ekologiýa, infrastruktura we ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk ýaly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022