Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikanyň arasynda sişenbe güni geçirilen duşuşykda myhman Malaýziýanyň harytlyk gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak maksady bilen, ägirt uly “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek we burawlamak boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklipleriň ähmiýetini belläp, hyzmatdaşlaryň tagallalarynyň gazhimiýa senagatyndaky täze taslamalary durmuşa geçirmäge hem gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Malaýziýanyň wekili kompaniýanyň bu ugurda birnäçe teklipleri hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Malaýziýanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmeginiň strategik ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen birlikde, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasynda Önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy medeni-ynsanperwer, hususan-da, bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ünsi çekip, Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim alýandygyny, munuň özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşýandygyny aýtdy.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda, energiýa tygşytlaýjy ulgamlary kämilleşdirmekde, ekologik howpsuzlygy berkitmekde hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

















