Türkmenistanda ýyladyşhanalary dolulygyna gurup bermek boýunça iş alyp barýan “Agro Inženerçilik” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň başynda ýyladyşhanalaryň içini howalandyrmak, ýyladyşhananyň howasyny belli bir derejede saklamak üçin niýetlenilen gerekli enjamlaryň önümçiligini ýola goýdy.
“Agro Inženerçilik” kompaniýasynyň hünärmeniniň sişenbe güni Aşgabatda açylan “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara serginiň dowamynda “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar bermegine görä, kompaniýa tarapyndan täze başlanan önümçilikde ýyladyşhana üçin pad we spot aýak ýaly enjamlar öndürilýär.
“Şeýle hem kompaniýa ýyladyşhananyň taslamasyny düzmekden başlap, dolulygyna taýýar edip bermek boýunça iş alyp barýar. “Agro Inženerçilik” ýyladyşhana tabşyrylandan soň doly goldaw bermek hyzmatyny hem ýerine ýetirýär” diýip, kompaniýnyň hünärmeni aýtdy.
Häzirki wagtda kompaniýa ýyladyşhana gurmak boýunça birnäçe taslamalary alyp barýar we olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda umumy meýdany 40 we 100 gektar bolan iki sany ýyladyşhana, Duşak şäherçesinde pomidor üçin niýetlenilen ýyladyşhana, Garahan obasynyň çäginde iki sany ýyladyşhana taslamalary bar.

















