Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe, Görogly, Lebap welaýatynyň Farap, Halaç, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetleriniň täze edara binalary gurlar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň buýurmagynda ýokarda agzalan etrap kazyýetleriniň edara binalaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak boýunça haýyşnamalar we teklipler şu ýylyň 2-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

















