Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Begenç Arbabow ýakynda “Begençli gün” haryt nyşanly önümçiliginde täze “Rowaç” atly ýarym kakadylan şöhlady öndürip başlady. Bu barada önümçiligiň hünärmeni 12-14-nji maý aralygynda geçirilen “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara serginiň çäklerinde “Biznes Türkmenistan” neşirine habar berdi.
Telekeçi Begenç Arbabow şöhlat önümçiligine 2024-nji ýylda başlap, önümçilik toplumy Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň A.Gandymow adyndaky geňeşliginiň Watan obasynda ýerleşýär. Bu ýerde şöhlat önümleriniň 37 görnüşi öndürilip, olaryň 15-si ýarym kakadylan we 22-si bolsa gaýnadylan şöhlat önümi bolup durýar.
“Şeýle hem “Begençli gün” haryt nyşanly şöhlat önümleri “Halal” sertifikata eýedir” diýip, hünärmen “Biznes Türkmenistan” neşirine gürrüň berdi.
Önümçilik toplumynyň ýyllyk kuwwaty 1200 tonna önüm öndürmäge mümkinçilik berýär we häzirki wagtda bu ýerde aýda 140-150 tonna golaý şöhlat önümleri öndürilýär. Hünärmeniň aýtmagyna görä, önümçilik kärhanasynda şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda jemi 561 tonna golaý önüm öndürildi.
Aşgabatda geçirilen “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara sergide ýerli we daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini, häzirki zaman enjamlaryny we hyzmatlaryny giňden tanyşdyrdylar hem-de azyk önümçiligi, gaplama tehnologiýalary, logistika ýaly degişli ugurlarda täze mümkinçiliklerni görkezdiler.

















