Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 98,5 milliard manatdan geçdi

BT
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 98,5 milliard manatdan geçdi
“Garaşsyzlyk ýyllarynda bank ulgamynyň gazanan üstünlikleri we döwrebap mümkinçilikleri” atly sergi we tejribe duşuşygy, 2026-njy ýylyň 31-nji marty, Mary, Türkmenistan

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2026-njy ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna kärhanalara, guramalara hem-de ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndysynyň umumy möçberi 98 milliard 554,05 million manada ýetdi. 2025-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 89 milliard 936,28 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2026-njy ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 45 milliard 925 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň degişli senesine çenli bu görkeziji 48 milliard 523 million manady düzdi.

Şeýle hem, 2026-njy ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 20 milliard 629 million manada barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 15 milliard 220 million manada ýetdi.

Hasabat döwründe raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 32 milliard manada deň boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 26 milliard 194 million manada ýetdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022