Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda içerki bazar üçin jemi bahasy 51 million 430 müň manatlyk 1-nji hilli bugdaý uny satyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.
Içerki bazar üçin ýerli işewürler umumy bahasy 13 million 209 müň manada deň bolan çig ýüplügi, SN-350 kysymly başlangyç ýagy satyn aldylar.
Şeýle hem Türkiýeniň telekeçileri daşary ýurt walýutasyna 2024-nji ýylyň hasyly bolan pagta süýümini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Geleşikleriň jem bahasy 1 million 39 müň 720 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Mundan başga-da, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň işewürleri umumy bahasy 286 müň 880 ABŞ dollaryna deň bolan dokma önümçiligi üçin nah ýüpligi satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi bahasy 118 million 350 müň manada deň bolan geleşik baglaşdylar.

















