Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Premýer-ministrini kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Premýer-ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Belarusyň Premýer-ministri Aleksandr Turçini bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyö 22-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BELTA)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlar Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Aşgabada gelen Belarusyň Premýer-ministri Aleksandr Turçini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar dostluk, özara hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşler özara söwdany, şol sanda oba hojalyk we senagat toplumynyndaky hem-de ulag-infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şeýle-de duşuşykda bilim ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygyň oňyn depgini aýratyn bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Belarus halkara guramalaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy dowam etdirip, dürli ugurlar boýunça birek-birege goldaw berýärler.

Belarusyň Premýer-ministri 22-nji maýda dar we giňeldilen düzümlerde geçirilýän GDA-nyň Hökümet Baştutanlar Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Duşuşygyň jemleri boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylary birnäçe jemleýji resminamalara gol çekmegi meýilleşdirýärler.

2022
ENG TM РУС