Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow bilen Sergeý Lebedewiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 22-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  anna güni GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Sergeý Lebedew bildirilen myhmansöýerlik hem-de duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşykda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy hem-de köptaraply dialogy ösdürmäge berýän goldawyna ýokary baha berilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Sergeý Lebedewi mähirli mübärekläp, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli we netijeli geçirilmegini arzuw etdi hem-de mejlisiň dowamynda hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň GDA agza döwletleriň bähbidine wajyp ylalaşyklaryň gazanylmagyna şert döretjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmek wezipesine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýär. Türkmenistanyň Döwlet Baştutany ýurduň mundan beýläk-de Arkalaşygyň howandarlygynda guraljak halkara çäreleriň myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalary etjekdigini tassyklady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Hazaryň ajaýyp kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi we bu sammitiň ýylyň esasy wakasy boljakdygyny belledi. Bu ýokary derejeli forumyň çäklerinde Arkalaşygyň giňişliginde özara ynanyşykly hyzmatdaşlygyň binýadyny has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilen anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary GDA-nyň giňişligindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

2022