Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlaryny kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlaryny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow bilen Olžas Bektenowyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 22-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripowy, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýewi, Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowy aýratynlykda kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen geçirilen duşuşyk:

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň köp ýyllaryň dowamynda ýurduň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň özara söwdanyň möçberini artdyrmaga we harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şeýle-de duşuşykda bilim, saglygy goraýyş, ylym, medeniýet ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk boýunça pikir alşyldy.

Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow bilen geçirilen duşuşyk:

Türkmenistanyň  döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, bu ulgamda baý tejribäniň toplanandygyny aýratyn nygtady. Ulag we logistika ulgamy türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçirilen duşuşyk:

Duşuşykda elektroenergetika, ulag, oba hojalygy we söwda ulgamlary, bilelikdäki iri düzümleýin hem-de maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň hem wajypdygy aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, iki halkyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew bilen geçirilen duşuşyk:

Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ulag, nebitgaz senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi hem-de ýurduň bu ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hereketleriň aýrylmaz bölegi hökmünde bellenildi.

Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow bilen geçirilen duşuşyk:

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäherinde geçirilen hem-de ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm waka bolan Sebitleýin ekologiýa sammitine (RES 2026) gatnaşmagyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gazagystan bilen mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen geçirilen duşuşyk:

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, ilkinji nobatda, energetika, logistika, ulag ulgamlarynda bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyna üns çekildi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 22-nji maýda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

2022