Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy 2026-njy ýylyň 27-28-29-njy maýynda belleniler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Permana gol çekdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu resminama türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlary yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.
Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara üpjün etmek tabşyryldy.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti “Gurbanlyk günlerinde beriljek sadakalar kabul bolsun!” diýip, aýtdy we mejlise gatnaşyjylary hem-de türkmen halkyny Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

















