Türkmenistan we ABŞ söwda-ykdysady, energetika hyzmatdaşlygynyň geljegine garadylar

BT
Türkmenistan we ABŞ söwda-ykdysady, energetika hyzmatdaşlygynyň geljegine garadylar
ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns, 2024-nji ýylyň 25-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: "Watan" habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew Waşingtonda ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, şol sanda ikitaraplaýyn gepleşikler, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika we sebitara baglanyşyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda C5+1 formatdaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. Taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň oňyn depginde ösýändigini nygtap, özara bähbitli dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy habar berdi.

Mundan başga-da, Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Kongresiniň wekili Bill Hýuzenga bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy, sebitara arabaglanyşyk, şeýle hem Waşington bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde C5+1 we B5+1 formatlarynyň orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit gün tertibi boýunça hem pikir alyşdylar we konstruktiw hem-de özara bähbitli dialogy mundan beýläk-de giňeltmek üçin mümkinçiliklere garadylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС