Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew 21-nji maýda Ak Tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy.
Dabarada Türkmenistanyň we ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň birek-birege mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy habar berýär.
Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda 34 ýyl bäri dowam edip gelýän gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, özara bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew 19-njy maýda ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen hem duşuşyp, türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada hem pikir alyşdy.

















