Türkmenistan german kompaniýalary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

BT
Türkmenistan german kompaniýalary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Raşid Meredowyň Günter Krihbbaum bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 26-njy maýy, ABŞ

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler federal ministrliginiň Ýewropa meseleleri boýunça döwlet ministri Günter Krihbbaum bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini, şol sanda german kompaniýalary bilen uzak möhletleýin we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i penşenbe güni habar berdi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, şol sanda bilim, adam kapitalyny ösdürmek, akademiki we hünär alyşmalaryny giňeltmek meselelerine uly üns berildi. 

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 27-nji maýynda Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýa bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-kuba hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022