Türkmenistan GDA ýurtlaryna Hazar deňzindäki port infrastrukturasyny ulanmaga bermäge taýýar

BT
Türkmenistan GDA ýurtlaryna Hazar deňzindäki port infrastrukturasyny ulanmaga bermäge taýýar
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistan Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň bähbitleri üçin Hazar deňzindäki port infrastrukturasyny ulanmaga bermäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky wagtlaýyn ynanylan wekili Serdar Durdyýew RF-niň Federasiýa Geňeşinde geçirilen “Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna 35 ýyl: jemler, wezipeler, geljekki mümkinçilikler” atly tegelek stoluň dowamynda aýtdy.

TASS agentliginiň sişenbe güni habar bermegine görä, Serdar Durdyýew Türkmenistanyň GDA-nyň çägindäki işiniň iň möhüm ugurlarynyň biriniň Hazar sebitini ösdürmek bolup durýandygyny aýtdy. Ol Hazarýaka bäşligine girýän döwletleriň dördüsiniň GDA agzasydygyny we Hazaryň ekologik, ykdysady hem-de ulag hyzmatdaşlygynyň özüne çekiji merkezine öwrülendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Russiýadaky wagtlaýyn ynanylan wekili Türkmenistanyň Arkalaşyga agza ýurtlaryň umumy bähbitleri üçin öz port infrastrukturasyny ulanmaga bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Serdar Durdyýew syýasy nukdaýnazardan Türkmenistanyň GDA-ny sebitleýin howpsuzlygy we ynamy pugtalandyrmaga goşant goşýan hyzmatdaşlyk formaty hökmünde garaýandygyny nygtady. Ykdysady ugurda bolsa ýurduň ileri tutýan meseleleri ulag-logistika we energetika baglanyşygyny ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýerleşýär. Port parom, ýolagçy we ýük terminallaryny öz içine alýar hem-de bir wagtda 17 gämä hyzmat edip bilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022