15 halyça “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakyldy

BT
15 halyça “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakyldy
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisiniň açylyş dasbarasy, 2026-njy ýylyň 31-nji maýy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, türkmen halylarynyň gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlary üçin 15 halyça “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmen halysynyň baýramy her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Bu sene türkmen halkynyň asyrlar dowamynda kemala getiren halyçylyk sungatyny, ussat halyçylaryň zähmetini we milli mirasy gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleri dabaralandyrýar. Türkmen halysy halkyň taryhyny, medeniýetini we ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli mirasyň möhüm bölegi hasaplanýar.

Şol gün Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi. Çärede türkmen halyçylyk sungatynyň milli mirasdaky orny we ony ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler giňden şöhlelendirildi.

Sergide “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda we hususy ussahanalarda taýýarlanan halylar, haly önümleri hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Şeýle hem gadymy nusgalaryň esasynda döredilen täze görnüşli halylar, haly portretleri, çuwallar, horjunlar, kilimler we beýleki milli önümler sergä gelenleriň ünsüni çekdi.

Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan türki dünýäde halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin “Türkmenhaly” döwlet birleşigine ýörite diplom, öňdebaryjy halyçylara bolsa Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Guramanyň Baş sekretary Sultan Raýew çykyş edip türkmen halysyny diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dünýäniň gymmatly medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022