Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylyň 6 — 11-nji oktýabry aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherindäki “Romexpo” sergi merkezinde geçiriljek 23-nji halkara “Bucharest Auto Show & Accessories 2026” sergisine çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi metbugat gullugy habar berýär.
“Bucharest Auto Show & Accessories 2026” – Rumyniýanyň iň iri awtomobil çäreleriniň biri bolup, her ýyl awtomobil öndürijilerini, awtoşaýlary üpjün edijileri, distribýutorlary, tehnologiýa kompaniýalaryny we awtomobil bazarynyň wekillerini bir ýere jemleýän sebitiň öňdebaryjy pudaklaýyn meýdançalarynyň biridir.
Sergide awtomobil senagatynyň giň ugurlary — täze awtomobil modellerinden we aksessuarlardan başlap, innowasion tehnologiýalar, ulag-logistika ulgamyndaky çözgütler we tehniki hyzmat ediş tehnologiýalary bilen tanyşdyrlar. Bu ýerde ulag pudagynyň geljegini kemala getirýän döwrebap işläp taýýarlamalara aýratyn üns beriler.
Guramaçylaryň bellemegine görä, bu sergi awtomobil senagatynyň çalt depginler bilen özgerýän döwründe kämilleşmegi maksat edinýän iri kompaniýalar, täze başlaýan taslamalar üçin hem amatly şertleri döreder.
“Bucharest Auto Show & Accessories 2026” – halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, hyzmatdaşlary hem-de maýadarlary gözlemek, täze bazarlara çykmak, şeýle hem önümleriň mahabatyny ýöretmek we pudaklaýyn tejribe alyşmak üçin ýokary derejeli giň mümkinçilikleri hödürlär.

















