2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda öz işine başlan we okyjylara türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde habarlary ýetirýän “Biznes Türkmenistan” (BT) internet neşiri ýedi ýaşady. Türkmen, iňlis we rus dillerinde habar berýän neşir şu günki gün Türkmenistanyň ykdysadyýeti we işewürlik gurşawy baradaky maglumatlary okyjylara yzygiderli ýetirýän öňdebaryjy işewürlik media platformalarynyň birine öwrüldi.
Geçen ýyllaryň dowamynda “Biznes Türkmenistan” Türkmenistanyň ykdysadyýeti, hususy pudagy, maýa goýumlary, halkara hyzmatdaşlygy, tehnologiýalar we beýleki möhüm ugurlar boýunça habarlary yzygiderli çap edip, işewür toparlaryň, telekeçileriň hem-de giň okyjy köpçüliginiň ygtybarly maglumat çeşmeleriniň birine öwrüldi. Neşir ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň, maýadarlaryň hem-de sarp edijileriň arasynda maglumat alyş-çalşygyny ösdürmäge ýardam berýär.
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri ABŞ-nyň “Google News” we Russiýanyň “Dzen Novosti” habar toplaýjy ulgamlarynda Türkmenistanyň adyndan resmi hasaba alnan ilkinji habar beriş serişdeleriniň biridir. Şeýle hem neşiriň “Instagram”, “X” we “Dzen” platformalaryndaky sahypalary müňlerçe okyjyny gündelik täzelikler bilen üpjün edýär.
BT okyjylaryna diňe bir täzelikleri däl, eýsem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalary boýunça maglumatlary, tender bildirişlerini, boş iş orunlaryny we kompaniýalaryň täzeliklerini hem yzygiderli ýetirýär. Neşiriň materiallaryna döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, halkara habar agentlikleriniň we dürli ýurtlaryň resmi web sahypalarynda yzygiderli salgylanylýar.
Soňky ýyllarda neşir sanly hyzmatlaryny hem giňeltdi. “Biznes Türkmenistan” üçin täzelenen mobil goşundylar “Android” we “iOS” ulgamlarynda elýeterli bolup, ulanyjylara habarlary islendik ýerde we islendik wagtda yzarlamaga mümkinçilik berýär. Öz-özüni maliýeleşdirýän neşir hökmünde BT okyjylaryna takyk, tiz we ygtybarly maglumatlary ýetirmek işini dowam etdirýär.

















