Türkmenistanda halkara atly sport bäsleşikleri boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi

Türkmenistanda halkara atly sport bäsleşikleri boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen at çapyşyklaryndan bir pursat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine taýýarlygy üpjün etmek maksady bilen, bu bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan milli atçylyk mirasyny halkara derejede ilerletmek ugrunda birnäçe möhüm ädimleri amala aşyrdy. 2024-nji ýylda “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşikleri, atly sport ýaryşlary we ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.

Türkmen bedewleriniň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga Milli Lideriň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary hem goşant goşýar. Topar soňky ýyllarda Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwallarynda we beýleki abraýly ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, türkmen atçylyk mekdebiniň mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine görkezdi.

Şu ýylyň maý aýynda Özbegistanda geçirilen “Gündogaryň merjeni” atly halkara atly sport we gözellik bäsleşiginde hem türkmen atşynaslary üstünlikli çykyş etdiler. Daşkent welaýatynda geçirilen bäsleşikde ahalteke bedewleri ýokary netijeleri görkezdi. 16-njy maýda Aşgabatda türkmen wekiliýetiniň gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabaraly çäre geçirilip, bu üstünlikleriň iki ýurduň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşant goşýandygy bellenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС