Arkadag gyzy Gurbangüle şahadatnama we sowgatlar gowşuryldy

BT
Arkadag gyzy Gurbangüle şahadatnama we sowgatlar gowşuryldy
Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenýän Arkadag gyzy Gurbangül, 2026-njy ýylyň 1-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: "Watan" habarlar gepleşigi)

Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenýän hossarsyz galan gyzjagaza Çagalary goramagyň halkara gününde Arkadag gyzy Gurbangül ady dakyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çözgüdi esasynda gyzjagaza täze adyň dakylandygyny tassyklaýan şahadatnama hem-de gaznanyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Bu çözgüt Gurban baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda geňeşiň agzalary hossarsyz galyp, çagalar öýünde terbiýelenýän gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky teklip bilen çykyş etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu başlangyjy goldap, mukaddes Gurban aýynyň hormatyna çaga Gurbangül adyny dakmagy maslahat berdi.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara hem sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de paýtagtdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlary kabul etdiler. Döwletliler köşgüniň uçurymlaryna bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan döwrebap noutbuklar sowgat berildi.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanda geçirilen baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe boldy. Esasy dabaralar Aşgabatdaky “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähinde geçirilip, olarda çagalaryň aýdym-sazly we tansly çykyşlary, döredijilik maksatnamalary hem-de dürli gyzykly oýunlar guraldy. Baýramçylyk mynasybetli çagalara sowgatlar we süýji doňdurmalar paýlandy.

2022