“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýew bilen Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wise-prezidenti Elşad Nasyrowyň arasynda sişenbe güni Bakuda geçirilýän “Baku Energy Week 2026” forumynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i güni habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýokary baha berip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlary babatynda käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bar bolan taslamalar we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşyldy.
Gepleşigiň dowamynda taraplaryň bar bolan mümkinçilikleriň hasabyna ikitaraplaýyn özara hereketleriniň dowam etdirilmegine taýýarlygy barada hem aýdylyp geçildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek hem-de amaly gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 1–3-nji iýunda geçirilýän “Baku Energy Week 2026” forumyna gatnaşýar. Forum nebit-gaz senagaty, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa howpsuzlygy meselelerine bagyşlanan sebitiň iri energetika meýdançalarynyň biridir.

















