Iýun I hepde: TDHÇMB-da $78,6 millionlyk geleşik baglaşyldy

Iýun I hepde: TDHÇMB-da $78,6 millionlyk geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal birža söwdalaryndan bir pursat (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 2026-njy ýylyň 1–6-njy iýuny aralygynda jemi 49 geleşik hasaba alnyp, olaryň umumy bahasy 78,6 million ABŞ dollaryna we 325,9 million manada deň boldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Hepdäniň dowamynda daşary ýurtly işewürler türkmen nebit-himiýa önümlerine uly gyzyklanma bildirdiler. Hususan-da, Owganystanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Täjigistanyň kompaniýalary “TS-1” kysymly awiakerosini hem-de “ECO-93” kysymly awtoulag benzinini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Şol bir wagtyň özünde, bugdaý uny, arassalanan pagta ýagy, dokma önümleri hem-de buýan köküniň goýy ekstrakty daşary bazarlarda isleg bildirilýän önümleriň hatarynda boldy. Bu önümleriň esasy alyjylarynyň hatarynda Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewürleri boldy.

Içerki bazarda hem söwda işjeňligi saklanyp, ýerli telekeçiler pagta süýümini, nah ýüplügini, bugdaý ununy, arassalanan pagta ýagyny we dokma önümlerini satyn aldylar. Bu önümler hepdäniň dowamynda içerki bazarda iň köp isleg bildirilýän harytlaryň hatarynda boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022