TOPH gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygynyň 52%-i tamamlandy

BT
TOPH gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygynyň 52%-i tamamlandy
Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyndan pursat (Surat: Tolonews)

Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyň 52 göterime golaýy tamamlandy. Bu barada Owganystanyň Magdanlar we nebit ministrliginiň metbugat wekili Humaýun Afganyň X sosial torunda paýlaşan maglumatlaryna salgylanyp, “Tolonews” habarlar agentligi sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, taslamanyň häzirki tapgyrynda gaz geçirijisiniň 80 km bölegi çekildi, 126 km geçelge taýýarlanyp, 108 km giriş we gözegçilik ýollary guruldy. Şeýle hem, turbalaryň 36,3 km bölegi ýerastyndan geçirildi. 

Şol bir wagtyň özünde alnyp barylýan gurluşyk işleriň ýokary depginini saklamak maksady bilen, gurluşyk meýdançasyna goşmaça 72,3 kilometrlik turba getirildi.

TOPH taslamasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen möhüm sebit energetika taslamalarynyň biri bolup, sebitde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

2022