Türkmenistan Maldiwler Respublikasynda täze ilçi belledi

BT
Türkmenistan Maldiwler Respublikasynda täze ilçi belledi
Guşuçar belentlikden Maldiwler Respublikasynyň paýtagty Male şäheri (Surat: “AOnews”)

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow şol bir wagtda Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-njy iýunda gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem çarşenbe güni Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maria Agre ynanç hatyny gowşurdy. Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa diplomaty kabul edip, ony täze wezipesi bilen gutlady hem-de türkmen-fin dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde üstünlik arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Maria Agre Finlýandiýanyň Prezidenti Aleksandr Stubbyň Türkmenistanyň Prezidentine iberen salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki türkmen-fin gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alşyldy.

Aleksandr Stubb Türkmenistanyň Prezidentine iberen hatynda Maria Agreniň ýokary hünär derejesini belläp, onuň türkmen-fin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС