Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine hem-de ýurduň halkyna Russiýanyň güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Döwlet Baştutany gutlag hatynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýanyň köp ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Wladimir Putine we Mihail Mişustine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Russiýanyň halkyna bolsa abadançylyk hem-de ösüş arzuw etdi.
Russiýanyň güni her ýyl 12-nji iýunda bellenilip geçilýär. Bu sene 1990-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň kabul edilmegi bilen baglydyr we ýurduň esasy döwlet baýramçylyklarynyň biri hasaplanýar.

















