Türkmenistan bilen Awstriýa bilelikdäki kärhanalary döretmäge gyzyklanma bildirýär

BT
Türkmenistan bilen Awstriýa bilelikdäki kärhanalary döretmäge gyzyklanma bildirýär
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen tegelek stol, 2026-njy ýylyň 11-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: THP)

Aşgabatda geçirilen türkmen-awstriýa tegelek stol maslahatynda iki ýurduň telekeçileri bilelikdäki kärhanalary döretmek, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de täze senagat taslamalaryny durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Çäre Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisiniň çäklerinde geçirildi. Bu barada THP penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen duşuşyga Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk ministrliginiň Halkara ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň direktory, bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň awstriýa böleginiň başlygy Elizabet Waýsenbýökiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna syn berip, geljegi uly ugurlar boýunça özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem energetika, ulag, logistika we ýokary tehnologiýalar ugurlarynyň ösüş geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Awstriýa wekiliýetiniň Aşgabada sapary 14-nji iýuna çenli dowam eder.

Maslahatyň umumy mejlisinden soň, energetika, ulag, logistika hem-de ýokary tehnologiýalar ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi we täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. B2B görnüşindäki gepleşiklerde bolsa senagat önümleriniň iberilişini giňeltmek we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine garaldy.

Saparyň çäklerinde Elizabet Waýsenbýök hem-de Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Tomas Şuller-Gotsburg Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС