Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylyň 28-nji oktýabryndan 1-nji noýabry aralygynda Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherindäki “Romexpo” sergi merkezinde geçiriljek “INDAGRA FOOD 2026” halkara azyk senagaty sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.
“INDAGRA FOOD” Rumyniýanyň azyk senagaty boýunça iri pudaklaýyn çäreleriniň biri bolup, ol azyk önümlerini öndürijileri, enjam üpjün edijileri, söwda ulgamlarynyň wekillerini, tehnologiýa kompaniýalaryny we pudagyň beýleki gatnaşyjylaryny bir ýere jemleýär.
Serginiň çäklerinde azyk senagatynda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary, ekologiýa taýdan durnukly çözgütler we öňdebaryjy iş tejribeleri tanyşdyrylar. Şeýle hem pudagyň öňdebaryjy bilermenleriniň gatnaşmagynda maslahatlar, çykyşlar we tanyşdyryş çäreleri geçiriler.
Çäräniň dowamynda azyk galyndylaryny azaltmak, serişdelerden netijeli peýdalanmak we durnukly ösüş bilen bagly meselelere aýratyn üns berler. Sergä gatnaşyjylara täze hyzmatdaşlary we maýadarlary tapmaga, önümlerini halkara bazarlarynda ilerletmäge hem-de tejribe alyşmaga giň mümkinçilikler dörediler.

















