Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

BT
Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi
Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim 18-nji iýunda resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi. (Surat: "Bernama")

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim penşenbe güni resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabat Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde Premýer-ministr Anwar Ibrahim myhmansöýerligiň asylly däbine görä garşylanyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Şeýle hem 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň döwletara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna ýol açandygy nygtalýar.

Nebit-gaz pudagy türkmen-malaýziýa ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup galýar. Hususan-da, Malaýziýanyň PETRONAS kompaniýasynyň Türkmenistandaky köpýyllyk işi iki ýurduň arasyndaky maýa goýum hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi hökmünde görkezilýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar hyzmatdaşlygy diňe bir ýangyç-energetika pudagy bilen çäklendirmän, beýleki ugurlarda hem ösdürmegi maksat edinýärler. Ulag-logistika, ýokary tehnologiýalar we oba hojalygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022